Abstract

İşlik grammatikada esasy kategoriýalaryň biri bolup, ol sözlemleri gurnaýan, dolandyrýan ähmiyetli dil serişdesidir. İşlik zamanlary bolsa hemişe sözlemiň habary hyzmatynda gelyär we dilde öran köp ulanylýar. Esasan-da, geplenilip durlan wagta çenli bolan döwürde amala aşan gymyldy-hereketiň yüze çykyşyny görkezýän serişdeler türkmen dilinde dürli-dürlüdir. Adamzadyň dili kemala gelen döwründen başlap, müňýyllyklaryň dowamynda dürli yagdaýy, gymyldy-hereketi aňlatmak üçin, bir hereketiň dowamly-dowamsyz, anyk ýa anyk däl, gepleýäniň özüniň şayatlygynda ýa eşitmegine görä bolup geçen işi, gymyldyny aňladýan yörite dil serişdeleri häzirki güne çenli kämilleşip gelipdir.
 Türki dillerde işligiň öten zaman şekili grammatikanyň iň wajyp we çylşyrymly kategoriýalarynyň biridir. Onuň ylmy taýdan öwrenilişi orta asyrlardan başlapdyr. Türkologlaryň bu mesele boýunça eden işleri, esasan, işligiň öten zaman şekilleriniň dürli meseleleri taryhy hem-de häzirki zaman türki dillerinde ösüşi, ulanylyşy bilen baglanyşyklydyr.

Full Text
Published version (Free)

Talk to us

Join us for a 30 min session where you can share your feedback and ask us any queries you have

Schedule a call